logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazeti üçin makala taýýarlady
  06.01.2023
1205
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazeti üçin makala taýýarlady

Mälim bolşy ýaly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz, Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň öň ýanynda bu ýurduň dünýäde meşhur neşirleriniň biri bolan «Ženmin Žibao» gazetiniň redaksiýasynyň haýyşy boýunça, «Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady» atly makalasyny taýýarlady. Makalada iki ýurduň arasynda köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara düýpli seljerme berilýär hem-de hyzmatdaşlygyň has-da ýokary derejä çykaryljakdygyna ynam bildirilýär.

Arkadagly Serdarymyz makalasynda iki dostlukly ýurduň halkara giňişlikde birek-biregiň başlangyçlaryny goldaýandyklaryna, tutuş adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeler babatda garaýyşlarynyň gabat gelýändigine ýa-da ýakyndygyna ünsi çekýär. 

« - Biz Hytaýyň Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de ýurdumyzyň bu derejä esaslanýan daşary syýasat ugruna hormat goýýandygyna ýokary baha berýäris. Öz nobatynda, Türkmenistan hemişe hytaýly hyzmatdaşlarymyz üçin möhüm bolan meselelere, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäk bitewüligine hem-de jebisligine dahylly ýagdaýlara öz garaýyşlaryny anyk we kesgitli beýan edýär, «Bitewi Hytaý» syýasatyna berk eýerýär » 

 - diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow makalasynda nygtaýar. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.