logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramyny bellemek baradaky Permana gol çekdi
  16.06.2023
686
Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramyny bellemek baradaky Permana gol çekdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen bagly meselelere seredildi.

Göçme mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz iýun aýynyň 28,29,30-y günleri ýurdumyzda Gurban baýramyny bellemek baradaky Permana gol çekdi.

Resminama bilen, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara degişli Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.