logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  16.12.2022
1033
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Gazagystanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmek, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin syýasy, durmuş-ykdysady ugurlarda özgertmeleri amala aşyrandygyny kanagatlanma bilen belledi. «Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzak möhletleýin hem-de strategik häsiýete eýedir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, däp bolşy ýaly, açyklyk, birek-birege hormat goýmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, işjeň ösdürilýär» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

 

TDH.