Türkmenistanda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli agrosenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar we oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberleri artdyrylýar.
Oba hojalygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, ilkinji nobatda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de Oba milli maksatnamasy bilen baglanyşyklydyr. Bu maksatnamalarda oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ýokary hasylly ekin görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňeltmek, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek we oba ýerleriniň durmuş-ykdysady derejesini ýokarlandyrmak ýaly möhüm wezipeler kesgitlenendir.
Gallaçylyk ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde strategik ähmiýetli ugurlaryň biridir. 2025-nji ýylda türkmen gallaçylary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Bu görkeziji şol ýyl üçin kesgitlenen döwlet borçnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini görkezýär.
2025-nji ýylyň galla möwsüminde welaýatlar boýunça döwlet öňündäki meýilnamalar hem anyk kesgitlenipdi. Ahal welaýatynyň gallaçylarynyň 400 müň tonna, Mary welaýatynyň 345 müň tonna, Lebap welaýatynyň 310 müň tonna, Daşoguz welaýatynyň 265 müň tonna, Balkan welaýatynyň bolsa 80 müň tonna azyklyk bugdaý öndürmegi göz öňünde tutuldy. Ýurdumyz boýunça jemi 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna bugdaý almak meýilleşdirildi.
Häzirki döwürde oba hojalygynyň ösüşiniň esasy aýratynlyklarynyň biri hem sanly we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ulanylmagydyr. Ekinleriň ösüşine gözegçilik edýän döwrebap ulgamlaryň, awtomatlaşdyrylan suwaryş tehnologiýalarynyň we ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň önümçilige çekilmegi zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, serişdeleri tygşytlamaga we hasylyň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynyň netijeleri hem bu ugurdaky ösüşiň dowam edýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda ýygnalan bugdaý hasyly geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,6 göterim artdy. Şol döwürde gök önümleriň öndürilişi 12,8 göterim, azyklyk bakja önümleriniň öndürilişi 3,3 göterim, ýeralmanyň öndürilişi bolsa 4,2 göterim ýokarlandy.
Bu görkezijiler ýurdumyzyň oba hojalygynda önümçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylýandygyny, diňe galla we pagta önümçiligi bilen çäklenmän, beýleki azyklyk ekinleriň hem öndürilişiniň giňeldilýändigini görkezýär.
Oba hojalygyny ösdürmek diňe bir ykdysady görkezijileri ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, içerki bazary ýerli önümler bilen üpjün etmek we milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak taýdan hem uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak hem-de oba zähmetkeşlerini ykdysady taýdan höweslendirmek möhüm wezipeleriň hatarynda galýar.
Türkmenistanda oba hojalygynyň ösdürilmegi üçin döredilýän şertler, amala aşyrylýan maksatnamalar we ekerançylaryň yhlasly zähmeti netijesinde pudakda durnukly ösüş gazanylýar. Gallaçylykda ýokary netijeleriň gazanylmagy, beýleki azyklyk ekinleriň öndürilişiniň artmagy hem-de döwrebap tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy milli agrosenagat toplumynyň geljekki ösüşi üçin berk binýat döredýär.
Gülsenem Gurbanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.