logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
  22.08.2022
913
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

20-nji awgustda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

 

 

Ir säherden Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde wakanyň geçýän ýerine geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna taýýardygy barada hasabat berdi. Soňra bu ýerde joşgunly aýdym-sazly edebi kompozisiýa ýerine ýetirildi.

 

 

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde täze binalar toplumynyň toý bagyny kesdi hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan binalar toplumy bilen tanyşdy we harby gullukçylar üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.