logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi
  08.05.2025
885
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkiýäniň Medipol Uniwersitetiniň binasynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş Konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan türkmen talyp ýaşlary bilen bilelikde ýörite sergi-tanyşdyryş çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berdi.

 

Çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

 

Dabaranyň çäklerinde türkmen medeniýetine bagyşlanan konsert guraldy. Myhmanlara Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyndaky üstünlikleri, halkara başlangyçlary we parahatçylyga gönükdirilen çäreleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.

 

Şemşat ÇARYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.