Döwlet Garaşsyzlygymyzyň baky Bitarap ýurdumyzda esaslandyran häzirki ajaýyp zamanasynda – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan ýiti nazaryndan ugur alnyp, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döredilen Türkmenistanyň halk maslahatynyň döredilmegi döwlet Berkarlygynyň iň ygtybarlygy sütünidir. Hut şu nukdaýnazardan-da, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwrüň talabyna görä günsaýyn özgerýän milli demokratiýanyň binýadyny kämilleşdirmekde, halk wekilleriniň hukuklaryny giňeltmekde, asudalygy, jebisligi, durnuklylygy kanuny esasda berkitmekde, döwletimizde ykdysady we ruhy mümkinçiliklerimizi ösdürmekde, netijeli durmuş syýasatyny amal etmekde, türkmen jemgyýetiniň meýillerini, maksatlaryny açmakda örän möhüm ähmiýete eýe bolar. Çünki, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 21-nji ýanwarynda döwletimiziň Baş Kanunyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, şeýle-de täze kabul edilen «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet dolandyryşyndaky ornuny has-da belende göterdi.
Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Konstitusion Kanuny türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara almaklyk, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur almaklyk we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýermeklik, şeýle hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmeklik maksady bilen esasynda kabul edildi. Hakykatdan-da, bu kanunda çuňňur beýan edilişi ýaly, "Maslahatly bişilen don gysga bolmaz", "Geňeşsiz iş bolmaz" diýen parasatly pähimleri döreden dana pederlerimiz Oguz han atamyzyň döwründen bäri il-ýurt bähbitli her bir meseläni halka geňeşip, olar bilen maslahatlaşyp çözüpdir.
Türkmenistanyň nobatdaky Halk Maslahatynda hem, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň geljegi üçin wajyp ähmiýete eýe bolan kararlar oňa gatnaşyjy ählihalk wekilleri bilen açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda ara alnyp maslahatlaşylar. Çünki, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara hasaplanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynda hem il-ýurt bähbitli örän wajyp meselelere serediler. Il arasynda örän jaýdar aýdylyşy ýaly, maslahatly biçilen don gysga bolmaýar. Hut şu nukdaýnazardan hem, Türkmenistanyň Halk Maslahaty özüniň düzümi we demokratikligi babatda türkmenleriň halk demokratiýasynyň gadymy ýörelgelerine eýerýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmeginiň, milletbaşymyz Oguz han atamyzdan gaýdýan bu gadymy ýoly täzeden dikeltmeginiň aňyrsynda ýaş össürümlere Ata Watana, Ene Topraga, il-halka wepalylyk ruhunda tälim-terbiýe bermegiň ýatandygy, syýasy hem ykdysady wezipeleri ýurt bähbidine gönükdirmek meselesiniň-de gojalar bilen çözülýändigi mese-mälim aýan bolýar.
Türkmenistanyň nobatdaky Halk Maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen jemgyýetiniň hem döwletiniň durmuşyna degişli örän derwaýys we wajyp ähmiýetli meseleleri halka, hususan-da pähim-parasatly gojalarymyza sala salyp, ara alyp maslahatlaşmagy milletbaşymyz Oguz han atamyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli demokratiýamyzyň döwrebap hem kämil nusgasydyr.
Bu Ählihalk Geňeşiniň gün tertibine giriziljek döwlet ähmiýetli wajyp meseleleriň her biri ýurdumyzyň raýatlaryny çuňňur gyzyklandyrýan meselelerdir. Çünki, Türkmenistanyň nobatdaky Halk Maslahaty ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ykdysady-syýasy galkynyşlarynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga, hojalygyň we döwletiň sazlaşykly ösüşini güýçlendirmäge ýardam berip, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyny üpjün eder. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bir söz bilen aýdylanda, türkmen demokratiýasynyň özboluşly bir milli baýramydyr.
Toýly JÄNÄDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Mary etrap geňeşiniň işgäri