logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Saglyk /«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XIV jildi iňlis dilinde çapdan çykdy
  08.04.2023
1304
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XIV jildi iňlis dilinde çapdan çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XIV jildi iňlis dilinde çap edildi.

Mälim bolşy ýaly, köp jiltli ylmy neşir diňe bir halkara lukmançylyk toparlarynyň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýär we meşhurlykdan peýdalanýar. Bu ösümlik dünýäsiniň halk lukmançylygynyň ensiklopediýasy okyjylaryň millionlarçasy üçin elýeterli boldy. Ylmy iş dünýä ýurtlarynyň halklaryna türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi we däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin ajaýyp sowgat bolmak bilen bir hatarda, lukmançylyk babatda tutuş adamzat medeniýetiniň ylmy hazynasyna mynasyp goşantdyr.