logo

Latest news:
✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllarynda telekommunikasiýa ulgamlarynyň ösüşi
  23.12.2025
417
Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllarynda telekommunikasiýa ulgamlarynyň ösüşi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty diňe bir daşary syýasy ugurda däl, eýsem ýurduň ykdysady, ylmy-tehniki we maglumat-kommunikasiýa ösüşinde hem möhüm ähmiýete eýe boldy. 1995-nji ýylda BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň durnukly ösüş ýoluny kesgitlemek bilen, telekommunikasiýa ulgamlarynyň döwrebaplaşmagyna hem giň mümkinçilikleri döretdi. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biri — milli howpsuzlygy, şol sanda maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekdir. Bu ýagdaý telekommunikasiýa ulgamlarynyň döwrebap we ygtybarly bolmagyny zerur şert hökmünde öňe sürdi. Döwlet tarapyndan kabul edilen strategiýalar we maksatnamalar maglumat ulgamlarynyň milli bähbitlere laýyklykda ösdürilmegine gönükdirildi.

 

Telekommunikasiýa ulgamlary diňe bir ykdysady ösüşiň däl, eýsem döwlet dolandyryşynyň, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegine öwrüldi. Bitaraplyk ýyllarynda bu ulgamda alnyp barlan işler ýurduň sanly garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga hyzmat etdi. Soňky onýyllyklarda Türkmenistanda aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmek boýunça uly taslamalar amala aşyryldy. Optiki-süýümli aragatnaşyk liniýalarynyň gurluşygy, telefon stansiýalarynyň sanly ulgama geçirilmegi we ykjam aragatnaşygyň giňeldilmegi bu ösüşiň aýdyň mysallarydyr.

 

Bitaraplyk ýyllarynda internet hyzmatlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Döwlet tarapyndan maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça maksatnamalar kabul edildi. Elektron hökümet, elektron hyzmatlar, sanly bilim platformalary ýaly ugurlar tapgyrlaýyn ornaşdyryldy. Internet ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurduň halkara maglumat giňişligine goşulmagyny üpjün etdi. Bu ýagdaý Türkmenistanda ylmy maglumat alyş-çalyşyny, halkara hyzmatdaşlygyny we maglumat diplomatiýasyny ösdürmäge itergi berdi.

 

Häzirki wagtda Türkmenistan sanly ykdysadyýete geçiş ýolunda telekommunikasiýa ulgamyny ösüşiň möhüm binýady hökmünde görýär. Bitaraplyk ýyllarynda gazanylan tejribe we döredilen infrastruktura geljekde emeli aň, uly maglumatlar (big data) we akylly şäherler ýaly ugurlaryň ösdürilmegi üçin berk esas bolup hyzmat edýär.

 

Guwanç AKYÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika Institutynyň
Telekommunikasiýa fakultetiniň Telekommunikasiýa ulgamlary
kafedrasynyň mugallymy.