logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Politics /«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny durmuşa geçirmek» atly mejlis geçirildi
  29.02.2024
683
«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny durmuşa geçirmek» atly mejlis geçirildi

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» ýaly möhüm wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy.

 

 

Milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek, baý medeni mirasyny, şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek, ony gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmek we milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek bilen bagly çuňňur mazmunly çykyşy halkymyzyň bagtly geljegine gönükdirilen işleriň ajaýyp ykrarnamasy boldy. Şeýle hem mejlisde türkmen halkynyň akyldar  şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda bellenildi.

 

 

Gahryman Arkadagymyzyň: «Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz agzybirlik, asudalyk, abadançylyk ýoly bilen mundan beýläk-de gülläp össün! Goý, Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen dostluga we hyzmatdaşlyga açyk eziz Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende galsyn!» diýen sözleri biz ýaşlaryň kalbymyzy buýsanja besledi.

 

 

Ogulgurban Çarygulyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.