logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Türkmenistanly zehinli gyzjagaz «Удивительные люди» gepleşiginde hemmeleri haýran galdyrdy
  06.04.2024
709
Türkmenistanly zehinli gyzjagaz «Удивительные люди» gepleşiginde hemmeleri haýran galdyrdy

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 7-nji synpynda okaýan 13 ýaşly Liwanur Berdiýewa 5-nji aprelde geçirilen Russiýanyň «Rossiýa 1» teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän «Удивительные люди» («Täsin adamlar») atly gepleşige gatnaşyp, hemmeleri haýran galdyrdy.

 

Bu gepleşikde 2 sany şert berildi.


 

Birinji şertde zehinli türkmen gyzjagazy Liwanur bary ýogy 50 sekundyň dowamynda iki belgili sanlaryň 100 sanysyny goşup hasaplady (her sekuntda 2 belgili sanyň iki sanysy görkezildi).


 

Ikinji şertde bolsa Liwanur sahnadaky ekranda görkezilýän bir belgili sanlaryň 200 sanysyny hasaplap (her sekuntda 3 belgi), olaryň arasyndan geçýän harplary birleşdirip emele gelen sözlemi aýtmagy başardy (Математика - это музыка разума («Matematika ― aňyň sazy»).

 

Hemmeleri haýran galdyran bu zehinli gyzjagaz anzan neýro arifmetika ugry boyunça Türkmenistanyň hasaba alynan ilkinji milli rekordynyň eýesi. Halkara Memoriad bütündünýä zehin sportlary federasiýasy tarapyndan tassyklaýjy güwänamanyň eýesidir.


 

Türkmenistanyň ilkinji milli rekordyna eýe bolan Liwanur Berdiýewany «Kämil bilim» okuw merkeziniň anzan neýro arifmetika (Neuro Arithmetic) dersiniň mugallymy, bu dersiň Türkmenistan boýunça utgaşdyryjysy Döwletmyrat Durdymämmedow taýýarlady.