logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / In the world /Türkmenistanly telekeçi zenan «Global Awards» atly ýörite baýrak bilen sylaglandy
  22.03.2024
698
Türkmenistanly telekeçi zenan «Global Awards» atly ýörite baýrak bilen sylaglandy

Türkmenistanly telekeçi zenan «Akenmar» PR kompaniýasynyň baş direktory Ramilýa Ramazanowa gazanan ajaýyp üstünlikleri we ýeten sepgitleri üçin «Global Awards» atly ýörite baýrak bilen sylaglandy. Baýrak gowşurylyş dabarasy «Millionaire Concept» biznes platformasy tarapyndan Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde guralan «The Globe Gala» atly uly göwrümli çäräniň çäginde geçirildi.

 

 

17 — 19-njy mart aralygynda geçirilen «The Globe Gala» dabarasy 20-den gowrak ýurtdan işewür we meşhur adamlary bir ýere jemledi. Uly göwrümli çäräniň ilkinji gününde ýerli we daşary ýurtly telekeçileriň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçirildi. Ramilýa Ramazanowa şu metbugat ýygnagynda Türkmenistana wekilçilik etdi.

 

 

«Millionaire Concept» tarapyndan guralan çäreleriň tapgyrynyň esasy maksadynyň dürli ýurtlardan gelen telekeçileriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde jemlenýändigini bellemelidiris.

 

Şirin MUHAMMETGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.