logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Türkmenistanly talyp ýaşlar üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw sapaklary başlady
  11.04.2024
552
Türkmenistanly talyp ýaşlar üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw sapaklary başlady

Ýurdumyzyň talyp ýaşlaryny 2030-njy ýylyň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine çekmek üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde «TurkmenYouth4SDGs» at bilen birnäçe okuw sapaklaryna başlady.

 

Ilkinji okuw 2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda geçirildi. Okuw «Sagdyn durmuşy üpjün etmek we ähli ýaşdakylaryň hemmesiniň abadançylygyny ýokarlandyrmak» at bilen Bütindünýä saglyk gününe we DÖM 3-e bagyşlandy.

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda Ösüş Maksatnamasynyň hünärmenleri Türkmenistanda we BMGÖM-iň Türkmenistanda saglygy goraýyş boýunça bilelikdäki taslamalarynda durmuşa geçirilýän saglygy goraýyş pudagyndaky taslamalar bilen tanyşdyrdylar. Hususan-da, olar milli saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyşdyryldy.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda Ösüş Maksatnamasy 2010-njy ýyldan bäri, Türkmenistan hökümeti we ösüş hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýär.

 

Näzik DÖWRANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.