logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / In the world /Türkmenistanly okuwçylar Balkan Matematika Olimpiadasynda üstünlik gazandy
  03.07.2024
699
Türkmenistanly okuwçylar Balkan Matematika Olimpiadasynda üstünlik gazandy

Iýun aýynyň 25-30-y aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen 28-nji Balkan Matematika Olimpiadasyna türkmen okuwçylary üstünlikli gatnaşdylar. Bu olimpiada her ýyl dünýäniň dürli döwletlerinden 15,5 ýaşa çenli ýaş zehinli matematikleri bir ýere jemläp, matematika ugrundan halkara derejesinde uly abraýa eýe bolan bäsleşikleriň biri hasaplanýar.


Şu ýyl biziň döwletimiz bilen birlikde 22 ýurduň—Albaniýa, Alžir, Azerbaýjan, Bosniýa we Gersogowina, Bolgariýa, Beýik Britaniýa, Kipr, Fransiýa, Rumyniýa, Gresiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Gruziýa, Italiýa, Moldowa, Saud Arabystany, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Şweýsariýa, Serbiýa we Türkiýäniň orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen toparlar bäsleşige gatnaşdylar. Umuman, olimpiadada 130 sany okuwçy öz bilim başarnyklaryny synaga goýdy.


Türkmenistanly ýaş zehinler Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan saýlanyp, olimpiadada ýurdumyzyň adyndan çykyş etdiler. Olar aşakdaky mekdep okuwçylaryndan we mugallymlardan ybarat boldy:


Işanmyradow Begli – Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy
Gurbanow Hemra – 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy
Ruslanow Myrat – 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy
Gummanow Begenç – Daşoguz şäheriniň 26-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy
Gaýypow Aýly – Daşoguz şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy
Döwletmyradow Rahymberdi – Daşoguz şäheriniň 26-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy


Şeýle hem toparyň ýolbaşçylary:
 Sapaýew Myrat – Daşoguz şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň matematika we informatika mugallymy
 Myradow Rasul – Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň müdiri


Türkmenistanly okuwçylar olimpiadada üstünlikli çykyş edip, şahsy hasapda 4 sany kümüş we 1 sany bürünç medal gazandylar:

🥈 Kümüş medal: Ruslanow Myrat, Gurbanow Hemra, Işanmyradow Begli, Gummanow Begenç
🥉 Bürünç medal: Gaýypow Aýly


Bu üstünlik türkmen ýaşlarynyň matematika ugrundaky taýýarlygynyň ýokary derejesini we halkara bäsleşiklerde öz mümkinçiliklerini üstünlikli görkezýändiklerini görkezýär.