logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Türkmenistanda täze etraplar döredildi
  21.09.2025
2264
Türkmenistanda täze etraplar döredildi

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkymyz üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleri üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem Ahal welaýatynda Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynda Farap, Döwletli we Garabekewül etraplarynyň, Mary welaýatynda Oguz han etrabynyň döredilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň häkimligi, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynyň häkimlikleri, Lebap welaýatynyň Farap, Döwletli, Garabekewül etraplarynyň häkimlikleri, Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň häkimligi döredildi.

 

Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Adalat ministrligi bilen bilelikde, degişlilikde, görkezilen häkimlikleriň gurluşlarynyň taslamalaryny, işgär sanynyň möçberini taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.