logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Türkmenistan we Eýran Owganystana ýardam bermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
  31.05.2023
626
Türkmenistan we Eýran Owganystana ýardam bermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Tähranda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen gepleşikleriniň dowamynda Owganystana ýardam bermegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar häzirki wagtda dünýä giňişliginde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň barha artýan orny bilen baglylykda, sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi sebit derejesinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýylsaýyn artýan gyzyklanmanyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birine, hususan-da, sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy gorap saklamak, goňşy Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça başlangyçlary öňe sürüp, olary amala aşyrmak boýunça anyk işleri alyp barýar. Hususan-da, Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag we kommunikasiýalar ýaly ugurlarda sebit we halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek ugrunda amala aşyrýan demir ýol gurluşygynyň uly ähmiýetini nygtap, infrastruktura taslamalarynyň diňe bir owgan tarapy üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem maýa goýum boljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde goňşy döwletlere aýratyn orun degişlidigini nygtap, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

 

TDH.