logo

Latest news:
✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦
Home / Society /Türkmenistan we BMG: çagalaryň abadançylygy üçin hyzmatdaşlyk
  30.03.2025
1361
Türkmenistan we BMG: çagalaryň abadançylygy üçin hyzmatdaşlyk

Baýramçylyk çäreleriniň çäginde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşi» atly halkara konferensiýa geçirildi. Onda BMG Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna çykyş edip, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygyny we çagalaryň hukuklaryny goramak hem-de olaryň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda möhüm ädimleri ädýändigini belledi.

 

Türkmenistan çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara borçnamalaryny ilkinji nobatda ýerine ýetirýär. Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýanyň irki döwürde tassyklanmagy bu ugurda berk binýat döredip, ösüşiň çaltlaşmagyna ýardam berdi.

 

Ýurduň möhüm üstünlikleriniň hatarynda 2023–2028-nji ýyllar üçin Milli hereket meýilnamasynyň kabul edilmegi we durmuşa ornaşdyrylmagy, sanjymlaryň ýokary derejesine (95% -den gowrak) ýetilmegi, duz ýodlaşdyrmak we uny berkitmek maksatnamalarynyň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegi bar. Şeýle hem, inklýuziw bilimi ösdürmek we toplumlaýyn çözgütleri işläp düzmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

 

Türkmenistan BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, halkara tejribeleri we milli däp-dessurlary utgaşdyryp, jemgyýetçilik işiniň milli nusgasyny döretdi. Maşgala gatnaşyklaryny berkitmek we çagalaryň maşgala gurşawynda ösdürilip ýetişmegini goldamak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

 

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini berip, UNISEF tarapyndan oňyn baha aldy. Bu gazna Türkmenistanyň çagalara goldaw bermek borjuny ygrarly ýerine ýetirýändigini görkezýär.

 

Şeýle hem, UNISEF bilen bilelikde 12 ministrligiň gatnaşmagynda we 2025-nji ýyl üçin 11 sany täze hyzmatdaşlyk meýilnamasynyň gol çekilmegi pudagara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezýär.

 

BMG, UNISEF, Türkmenistanyň hökümeti we haýyr-sahawat gaznalary her bir çaganyň hukuklarynyň we abadançylygynyň üpjün edilmegi ugrunda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirýärler.

 

Aýgül Täçmyradowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä
dilleri institutynyň talyby.