logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany
  06.09.2021
695
Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany

Babadaýhan etrap Bilim bölümüniň mejlisler jaýynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny şöhratlandyrmak we 2021-nji ýylyň ,,Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”  ýyllynda TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň guramagynda wagyz-nesihat geçirildi. Oňa etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.  

        Dabarada çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler ilki bilen dabara gatnaşyjylary 2021-nji ýyl “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyllynda täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek hakynda giňişleýin belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler barada aýratyn durup geçdiler.

Şeýle-de, häzirki wagtda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy sebäpli döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen agyz-burun örtüklerini hökmany ulanmagyň, şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmegiň, sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň we saglyga peýdaly gök-önümleri iýmegiň wajyplygy barada wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda aýratyn bellenildi.

        Şeýle-de wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, raýatlarymyzyň berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda uly aladalary edýän Hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýtdylar.