logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany
  26.04.2021
835
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

    Berkarar  döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly  Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzda her bir günimiz  toýa baýramlara beslenýär. 2021-nji  “Türkmenistan – parahatçylygyň  we  ynanyşmagyň  Watany” ýylynda ilkinji  sapar  Türkmen   Alabaýynyň  hem-de  Türkmen  Bedewiniň  milli  baýramy  bilelikde  ulydan  toýlanar.  Ýurdumyzyň  ähli  künjeginde  boluşy  ýaly Kaka  etrabynda  hem milli  baýramymyz  ýokary  derejede  bellenip  geçilýär.  Kaka  etrap  Medeniýet  öýünde “Arkadagym  şanyňyza  toý  tutýar, Türkmen  Alabaýy -  Türkmen  bedewi” atly  baýramçylyk  dabarasy geçirildi. Baýramçylyk  dabarasynda Kaka  etrap  Medeniýet  bölüminiň ussat  aýdymçylarynyň  ýerine  ýetiren joşgunly  aýdymlary dabara  gatnaşanlaryň  göwünlerini  galkyndyrsa,  Teatr  studiýasynyň artistlarynyň  taýarlan  Türkmen  Alabaýy  hem-de   Türkmen  Bedewi  hakyndaky  edebi - sazly  kompozisýalary özüniň  täsirliligi  bilen  tapawutlandy.  Dabara  gatnaşyjylar  medeniýetimiziň we sungatymyzyň  hak  howandary Gahryman  Arkadagymyza çäksiz  alkyşlaryny  beýan  etdiler.