logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /Türkmenistan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar
  20.01.2024
511
Türkmenistan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly halkymyza peşgeş beren ilkinji kitabynda häzirki döwürde türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler öz giňişleýin beýanyny tapýar.   

 

 

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda kabul edilen degişli kanunçylyk namalary ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň kämil hukuk esaslaryny düzýär. Häzirki döwürde degişli maksatnamalar esasynda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk barha işjeňleşýär. Şunda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ilkinji kitabynda bu strategiýada türkmenistanly ýaşlaryň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň beýan edilendigi barada hem bellenilip geçilýär. Bu strategiýany amala aşyrmagyň çäklerinde, dünýä ýaşlary bilen tejribe alyşmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly halkara forumy üstünlikli geçirilendigini bellemek gerek. Ol hyjuwly ýaşlarymyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm waka boldy.

 

 

Begmyrat BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.