logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Saglyk /Türkmenistan – melhemler mekany
  11.04.2024
1101
Türkmenistan – melhemler mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplary ýaş türkmenistanlylaryň gözýetimini giňeltmek bilen, ekologiýa düşünjelerini artyrmakda esasy ylmy çelgi bolup durýar. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Türkmenistan – melhemler mekany” atly kitaplaryndaky tebigy serişdeler baradaky maglumatlar eziz Diýarymyzyň her daban ýeriniň nähili gymmatly baýlyklar bilen örtülendigini aýdyň subut edýär.

 

Tebigata bolan çäksiz söýgi türkmen halkynyň owal-ahyr zandyna berk ornaşan. Irki döwürlerden bäri gözel ülkämiziň owadan tebigatyna aýawly çemeleşmek, ony gözüň göreji deýin goramak ýörelgeleri asyrlarboýy nesilden nesile geçip gelýär. Ýüze çykaýan dürli ekologiýa meselelerine halkymyz düýpli çemeleşmek bilen, olary oňyn çözmegiň özboluşly tärlerini-de kemala getiripdirler. Bu ynsanperwer ýörelgeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde häzirki döwürde has-da giň gerimde alnyp barylýar.

 

Ýurdumyzda tebigaty goramak, ekologik meseleleri çözmek babatynda birnäçe maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy goramaga gönükdirilen tagallalaryna Türkmenistanyň öz mynasyp goşandyny goşýandygynyň aýdyň güwäsi bolup çykyş edýär.

 

Ikram ATAJANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.