logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistan halkara hyzmatdaşlykda jemgyýetçilik diplomatiýasynyň işjeň ulanylmagyny goldady
  15.12.2025
535
Türkmenistan halkara hyzmatdaşlykda jemgyýetçilik diplomatiýasynyň işjeň ulanylmagyny goldady

Halk diplomatiýasynyň resmi diplomatiýanyň işini netijeli taýdan doldurmalydygy barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumda çykyş edende aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda Parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyny ösdürmek üçin diňe adaty diplomatik usullar bilen çäklenmän, gepleşikleriň dürli görnüşlerini, parlament diplomatiýasyny, şeýle hem zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.

 

Milli Liderimiziň bellemegine görä, Türkmenistan bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda halkara we sebit derejesinde giň gerimli forumlar hem-de beýleki möhüm çäreler geçirildi. Bu bolsa halk diplomatiýasynyň syýasy çözgütleriň kabul edilmegine goşmaça täsir ýetirip bilýän möhüm gural hökmünde resmi diplomatiýany goldamalydygyny tassyklaýar.

 

Arslan Jumanazarow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.