logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /«Türkmenistan» DTB - «Bagtyýar nesil» atly möhletli goýumyny hödürleýär
  07.06.2023
1077
«Türkmenistan» DTB - «Bagtyýar nesil» atly möhletli goýumyny hödürleýär

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary üçin ýörite açylan «Bagtyýar nesil» atly möhletli goýumyny hödürleýär.

«Bagtyýar nesil» möhletli goýumy ýyllyk 9 göterim bilen kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň ene-atasy tarapyndan çaga kämillik ýaşyna ýetýänçä möhlete açylýar. Goýuma kabul edilýän pul serişdeleriniň iň az möçberi 200 (iki ýüz) manat bolup, aňryçäk möçberi çäklendirilmedikdir.

Goýuma pul serişdeleri nagt ýa-da aýlyk zähmet haky, pensiýa we döwlet kömek pul tölegleri geçirilýän «Altyn asyr» bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde kabul edilip bilner.

Hormatly raýatlar! «Bagtyýar nesil» möhletli goýumy her bir çaganyň ene-atasy üçin amatlydyr we ygtybarlydyr! 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312 44-02-80; +99312 44-03-04.

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň şahamçalarynyň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynda ýerleşdirilendir.