logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistan boýunça ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylaryň 75 müň 600-den gowragy hasaba alyndy
  27.03.2023
1121
Türkmenistan boýunça ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylaryň 75 müň 600-den gowragy hasaba alyndy

Mälim bolşy ýaly, 26-njy martda Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Saýlawlar giň bäsdeşlik, demokratiýa we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirildi.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda 18 ýaşyny dolduryp, saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylaryň ýurdumyz boýunça jemi 75 müň 600-den gowragy hasaba alyndy.