Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly çözgütler bilen ykdysadyýetiň täze keşbi ✦ ✦ Edebiýat we pedagogika — ýaşlaryň ruhy ýolbeletleri ✦ ✦ Gadymy hünäriň eýesi: Daşoguzly ussa ýokary ada mynasyp görüldi ✦ ✦ Türkmen alabaýynyň halkara güwänamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ “Merkezi Aziýa + ABŞ” işewürlik forumy geçiriler ✦ ✦ Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý gatnaşyklary berkeýär ✦ ✦ Sanly ulgam - ykdysadyýetiň ösüşi ✦ ✦ Nemes dilini öwretmekde internet platformalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde döwrüň talaby ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna taýýarlyk görýär
  31.08.2025
954
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna taýýarlyk işlerini dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryna esaslanyp, Türkmenistanyň bu sessiýadaky ileri tutulýan ugurlary taýýarlanyldy. Olar ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüş, ulag diplomatiýasy, energetika, sanlylaşdyrma, ekologiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly meseleleri öz içine alýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Türkmenistan sessiýanyň gün tertibine “Bitaraplyk – parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly bendi girizmegi hem-de bitaraplygyň parahatçylygy we ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetine degişli kararnamalary hödürlemäge taýýarlanýar. Şeýle-de, Türkmenistan tarapyndan “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026–2035)”, “Energiýa birikmesiniň durnukly ösüşdäki orny” ýaly başlangyçlar, BMG-niň howandarlygynda dünýä sanly integrasiýa platformasyny döretmek, Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreş boýunça Sebit merkezini açmak, 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek teklip edilýär.

 

Ynsanperwer ugurda bolsa, “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly halkara maslahatyny guramak, ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek, “Köp dilli diplomatiýanyň halkara güni” atly başlangyç hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasyna degişli kararnama hödürlemek meýilleşdirilýär. Şeýle hem, Türkmenistan 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek başlangyjyny öňe sürýär we 2031–2032 ýyllarda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlanmaga taýýarlyk görýär. Bu garaýyşlar BMG-niň Sekretariatyna ugradylyp, guramanyň agza döwletlerine beýan ediler.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sessiýa giňden taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirjekdigini nygtady. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasy 2025-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda açylyp, 2026-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda tamamlanar.

 

Kakageldi AKMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.