logo

Latest news:
✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦ ✦ Jebisligiň ykrarnamasy ✦ ✦ Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasy parahatçylygyň kepili ✦ ✦ Azyk bolçulygyna goşant ✦ ✦ Çagalaryň sagdyn ösüşi ugrunda alada ✦ ✦ Halkara hukugynyň kadalary ✦
Home / Economics /Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň senagat hyzmatdaşlygy täze tapgyra geçýär
  22.09.2026
38
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň senagat hyzmatdaşlygy täze tapgyra geçýär

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk aýratyn gurluşyk taslamalaryndan uzak möhletleýin senagat we tehnologik hyzmatdaşlyk derejesine çenli ösýär. «Yonhap News» habarlar agentliginiň Balkan gämi gurluşyk zawodyndan taýýarlan ýörite habarynda Hazar deňziniň kenarynda amala aşyrylýan bilelikdäki gämi gurluşyk taslamasynyň ösüşi barada maglumat berilýär.

 

Koryo Shipbuilding & Engineering Technology (KSIT) kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda gurulýan 6100 tonna suw sygymly ikinji köp maksatly ýük gämisiniň gurluşygynyň 77 göterimi tamamlandy. Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň çäklerinde gurlan ilkinji şeýle gämi bolsa geçen ýylyň maý aýynda ulanmaga berildi.

 

Häzirki wagtda ikinji gäminiň gurluşyk işleri ýokary depginde dowam edýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine 700-e golaý hünärmen gatnaşýar, olaryň arasynda 50 sany koreýaly inžener hem bar. Taslamanyň möhüm netijeleriniň biri ýerli hünärmenleriň häzirki zaman gämi gurluşyk tehnologiýalaryny we önümçilik standartlaryny özleşdirmegi boldy.

 

KSIT kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Son Kwan-mokyň bellemegine görä, hyzmatdaşlygyň çäkleri diňe täze gämileri öndürmek bilen çäklenmeýär. Taraplar önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrmak, gämi enjamlaryny we turbageçiriji ulgamlaryny ýerli şertlerde öndürmek boýunça hem mümkinçilikleri ösdürýärler. Geljekde bu önümleri Gazagystan we Azerbaýjan ýaly ýurtlaryň bazarlaryna çykarmak mümkinçiligi hem öwrenilýär.

 

«Yonhap News» agentliginiň seljermesinde Türkmenistanyň we Koreýanyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryna hem üns berilýär. Geografik uzaklyk sebäpli Koreýa gönüden-göni turbageçirijiler arkaly tebigy gaz ibermek çäkli mümkinçiliklere eýe. Şonuň üçin çig maly çykarylýan ýerinde gaýtadan işlemek we ýokary goşulan gymmatly önümleri öndürmek has netijeli ugur hökmünde görkezilýär.

 

Munuň mysaly hökmünde «Daewoo E&C» kompaniýasynyň dökün öndürýän zawodynyň taslamasy getirilýär. Şeýle önümçilik desgalary tebigy serişdeleri diňe eksport etmek bilen çäklenmän, eýsem ýurduň içinde goşmaça ykdysady gymmat döretmäge mümkinçilik berýär.

 

Şamuhammet ATAJANOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.