logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Türkmenistan bilen BSG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
  30.05.2023
641
Türkmenistan bilen BSG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen BSG-a goşulmak departamentiniň müdiri Maika Oşikawa bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň BSG-niň Sekretariaty bilen bu ugurda kesgitli ugurlary göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyny taýýarlandygy we tassyklandygy nygtaldy.

M.Oşikawa, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly taýýarlyk çärelerini tamamlamak boýunça köp sanly meseläni ýerine ýetirmek üçin türkmen tarapynyň meýilnamalary bilen tanyşdyryldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenistan, BSG-e girmegiň şertlerinden biri bolup durýan, daşary söwda ýagdaýy barada Ähtnamany taýýarlamak boýunça işjeň hereketleri alyp barýar. Şunuň bilen birlikde, Pudagara hökümet toparynyň BSG-a girmek bilen baglanyşykly meselelerini öwrenmek boýunça yzygiderli işi bellendi. Bu ugurda BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary, Yslam Ösüş Banky we Aziýa Ösüş Banky ýaly halkara maliýe guramalary bilen işler ýola goýuldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyk meýilnamalaryna laýyklykda alnyp barylýan işlerde öňegidişligiň boljakdygyna ynam bildirdiler. 

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.