logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Türkmenistan “Agroworld Uzbekistan 2025” sergisine gatnaşýar
  28.02.2025
1529
Türkmenistan “Agroworld Uzbekistan 2025” sergisine gatnaşýar

Türkmenistan 11–13-nji mart aralygynda Daşkent şäherindäki “Uzexpocentre” sergi merkezinde geçiriljek “Agroworld Uzbekistan 2025” atly 20-nji halkara oba hojalyk sergisine gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

 

Sergi oba hojalyk tehnikalaryna, ekinleriň önümçilik tehnologiýalaryna, maldarçylyga, weterinariýa hem-de oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilişi we saklanylyşy bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alar.

 

“Agroworld Uzbekistan” sergisi Özbegistanyň obasenagat pudagynyň wekillerini bir ýere jemleýän möhüm çäräniň biri bolup, sergä gelenleriň 84 göterimi satyn almak bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirýär. Bu çäre oba hojalyk önümleriniň öndürilmegi, gaýtadan işlenilmegi we saklanylyşy bilen meşgullanýan kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça meýilnamalaryň işlenip düzülmeginde möhüm orny eýeleýär.

 

“Agroworld Uzbekistan 2025” halkara sergisi Merkezi Aziýa bazaryndaky kompaniýalar üçin täze mümkinçilikleri açyp, gatnaşyjylara innowasion çözgütleri we ýörite teklipleri hödürleýär.

 

Toýly GYLYÇMYRADOW,
 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.