logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Culture /Türkmeniň milli gurjaklary
  17.11.2021
886
Türkmeniň milli gurjaklary

Hormatly Prezidentimiz geçirýän ähli iş maslahatlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ähli ugurlarynyň, aýratyn-da şöhratly pederlerimiziň döreden, dünýäniň genji-hazynasyna giren milli gymmatlyklarymyzyň ýagşy dessurlarynyň wasp edilmeginiň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýratyn belläp geçýär. Şeýle başlangyçlardan ugur alyp şu günki günde bilim ulgamynda hem türkmen döredijiligi giňden wasp edilýär. Güneşli diýarymyzda döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, döredijilik işi bilen meşgullanýan  türkmeniň milliligini, milli egin-eşikler bilen bezelen gurjaklarda janlandyrýan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap bilim bölüminiň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde zähmet çekýän Gülälek Babakulowa şu günki günde ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bilim ulgamynyň işgärleriniň arasynda geçirilýän sergilerde, döredijilik bäsleşiklerinde çykyş edip baýrakly orunlara mynasyp bolmak bilen, öz işini kämilleşdirip, türkmeniň gahryman şahsyýetlerini öz gurjaklarynyň keşbinde janlandyrýar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem milli egin-eşikler bilen bezelen gurjaklaryň çaga terbiýesinde hem uly ähmiýetiniň bardygyndadyr. Şeýle gurjaklary çagalygyndan oýnap, türkmeniň baý taryhy ýoluny, gadymy we gahryman şahsyýetlerimiziň gahrymançylyklaryny türkmen ertekileriniň we şa dessanlarynyň üsti bilen ýaşlaryň bilmegi, olaryň çagalykdan watansöýüji duýgulary bilen kemala gelmeginde uly ähmiýeti bardyr. Gülälek Babakulowanyň döredijiliginde gadymy şahsyýetlerimiziň, türkmen halk ertekileriniň gahrymanlaryny janlandyrýan gurjaklary görmek bolýar. Şeýle döredijilik işleri bilen meşgullanýan bilim ulgamynyň işgärleriniň mysalynda Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim edaralarynda hem ýerine ýetirilýändigini, türkmen döredijiliginiň baýlaşýandygyny aýdyň görmek bolýar.