logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /Türkmen ýaşlary Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşdylar
  12.03.2024
570
Türkmen ýaşlary Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşdylar

2024-nji ýylyň 1-7-nji marty aralygynda Russiýa Federasiýasiýasynyň Soçi şäheriniň Sirius federal zolagynda Bütindünýä ýaşlar festiwaly geçirildi. Ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaşlarymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 10-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» esaslanyp, türkmen ýaşlary hem bu halkara derejesindäki festiwala gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar.

 

 

Festiwala Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary we mugallymlary şeýle-de A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýokary guramaçylykly çäräniň açylyşy «Dünýä özgerýär, şonuň bilen birlikde men hem özgerýärin» diýen şygar astynda geçirildi. Dünýäde ýaşlaryň iň uly çäresi diýlip atlandyrylan bu festiwala dünýäniň dürli künjeklerinden jemi 188 ýurtdan 20 müňden gowrak ýaşlar gatnaşyp, özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler, şeýle hem özleriniň medeniýetlerini, ýurtlaryny, milli lybaslary we olaryň taryhy bilen tanyşdyrdylar. Biz hem türkmen ýaşlarynyň wekilleri hökmünde Bütindünýä ýaşlar festiwalynda üstünlikli çykyş edip, öz medeniýetimizi, ýurdumuzy, milli egin-eşiklerimizi, däp-dessurlarymyz bilen daşary ýurtly ýaşlary tanyş etdik. Türkmen ýaşlarynyň edep-terbiýesi we türkmen milli egin-eşikleri, esasan hem, alajalary daşary ýurtly deň-duşlarymyzy haýran galdyrdy.

 

 

Türkmenistanyň bilim ulgamy we ýaşlar syýasaty bilen içgin  tanyşdyrmak hem şu gezek türkmen ýaşlarynyň paýyna düşdi. Bütindünýä ýaşlar festiwalynda ylym-bilim, medeniýet, sport we pikir alyşmalar mowzuklarynyň çäklerinde jemi 800-den gowrak çäreler geçirildi. Ýaşlaryň her biriniň öz ugruna degişli çäreleri saýlamaga we gatnaşmaga mümkinçilikleri boldy. Men hem geljekki halkaraçy hünärmen hökmünde ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly birnäçe çärelere gatnaşdym. Ol ýerde geljekki halkaraçy hünärmenleriň halkara standartlaryna laýyk bolmagyna bildirilýän talaplar barada, şeýle hem dürli mümkinçiliker barada gürrüň berdiler. Biz hem türkmen wekilýeti hökmünde daşary ýurtly ýaşlary Türkmenistanda geçirilýän ýaşlar forumlaryna, maslahatlaryna gatnaşmaga çagyrdyk.

 

 

Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç almagyny talyp ýüregimizden arzuw edýäris!

 

 

Kerim BAÝMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary
fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.