logo

Latest news:
✦ Paýtagtymyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli 1054 raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi ✦ ✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦
Home / Technology /Türkmen wekilýeti Hytaýda geçirilen Bütindünýä metbugat sammitine gatnaşdy
  08.12.2023
742
Türkmen wekilýeti Hytaýda geçirilen Bütindünýä metbugat sammitine gatnaşdy

2 - 6-njy dekabr aralygynda Hytaýyň Guançžou şäherinde 5-nji Bütindünýä Metbugat sammite geçirildi.Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, TDH we «Media-Türkmen» habarlar agentliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet gatnaşdy. 

 

 

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň 3-nji dekabrynda «Dünýädäki ynamy güýçlendirmek, metbugatyň ösüşini ýokarlandyrmak» şygary astynda geçirilen Forumyň resmi açylyş dabarasynda, «Sinhua» habarlar agentliginiň baş direktory, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň wagyz bölüminiň başlygynyň orunbasary, Guandun welaýatynyň häkimi we Guançžou şäheriniň häkimi dagylar çykyş etdiler. Şeýle hem ýygnananlara Global aragatnaşyk boýunça baş sekretaryň orunbasary, Ýaponiýanyň «Kyodo News» habarlar gullugynyň  prezidenti, «Reuters»  habarlar gullugynyň başlygy, şeýle hem  «People's Daily»-niň, «Associated Press»-iň, «Agence France-Presse»-iň ýolbaşçylary we beýlekiler çykyş bilen ýüzlendiler.

 

Umumy mejlisden soň, 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitiniň bilelikdäki Beýannamasy çap edildi. 2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Forumyň işiniň barşynda gatnaşyjylar aşakdaky temalary ara alyp maslahatlaşdylar: 

 

- Media pudagynyň global kynçylyklaryny nädip çözüp boljakdygyny öwrenmek maksady bilen, «Ynamy berkitmek»: 

- «Metbugatyň adam ösüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmakdaky orny», «Üýtgeşmeleri kabul etmek»: 

- «Metbugatyň täze tehnologiki mümkinçiliklere we kynçylyklara beren jogaby», «Pioner innowasiýalary»: 

- «Sanly tehnologiýalar döwründe täze media bazarlary» we «Ösüşiň gözleginde»: 

- «Has gowy gelejek üçin global media hyzmatdaşlygy».

 

Çärä gatnaşyjylar öz çykyşlarynda global metbugat guramalaryny has uly durnuklylygy üpjün etmek hem-de biziň üýtgäp durýan dünýämize oňyn energiýa getirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, dünýä metbugat pudagynyň umumy ösüşini ýokarlandyrmaga we dürli taryhy geçmişi, medeni däp-dessurlary we ösüş derejeleri bolan ýurtlar bilen halklaryň arasynda özara düşünişmegi we aragatnaşygy ösdürmäge çagyrdylar.

Hakberdi Gulçarow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.