logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Türkmen wekilleri Kazandaky foruma gatnaşdy
  30.09.2025
999
Türkmen wekilleri Kazandaky foruma gatnaşdy

Türkmenistan "Kazan Digital Week–2025" atly Halkara foruma öňdebaryjy hünärmenlerini iberip, tehnologiki liderlige möhüm ädim ätdi. Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekiliýetiniň gatnaşmagy, ýurduň emeli aň (AI) arkaly bilim ulgamyny giň gerimli döwrebaplaşdyrmaga girişýändigini görkezdi.

 

Forumda dünýäniň dürli ýurtlaryndan bilermenler sanlylaşdyrmagyň ykdysadyýete täsirleri, tehnologiýanyň ösüşi, emeli aňyň roly ýaly möhüm temalarda pikir alyşdylar. Türkmenistanyň wekiliýeti, aýratyn-da mugallymlar Döwran Suwhanow, Begenç Annaýew we Öwezmuhammet Babaýew okuw ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary girizmegiň mümkinçiliklerine ünsi jemledi.

 

“Emeli aň arkaly tehnologiki liderlik: täze gözýetimler we kynçylyklar” atly umumy mejlisde türkmen wekilleri emeli aňy milli bilim ulgamyna nähili sazlaşykly ornaşdyryp boljakdygy baradaky pikirleri bilen çykyş etdiler. Munuň maksady – häzirki zaman bilimini güýçlendirmek we sanly ykdysadyýete taýýarlykly täze hünärmenleri ýetişdirmekdir.

 

"Digital skills: bilimde däpleriň we sanlylaşdyrmagyň birleşmesi" atly sessiýada Türkmenistanyň orny doly goldandy: üstünlik, wagt synagyndan geçen nusgawy okuw usullaryny innowasion sanly gurallar bilen utgaşdyrýan toplumlaýyn çemeleşmede ýatyr.

 

Aşgabatdan gelen wekiller diňe bir dünýä tejribeleri bilen tanyşman, eýsem sanly ulgam platformalary ulanmak boýunça öz işläp taýýarlamalaryny paýlaşdylar. Bu olara ýurduň ýokary we orta hünär bilimine geljekde çalt ornaşdyrmak üçin uýgunlaşdyrylan anyk çözgütleri teklip etmäge mümkinçilik berdi.

 

70 ýurtdan 20 müňden gowrak gatnaşyjyny jemlän forum Türkmenistan üçin esasy hünär aragatnaşyklaryň ýola goýlan netwokring-meýdançasy boldy. Alnan bilimler we öňdebaryjy usullar täze strategiýanyň esasyny düzer.

Çeşme: Türkmenistan habarlar portaly

 

Arslan BEGGÄÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.