logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Politics /Türkmen wekiliýeti YHG-niň sammitine gatnaşdy
  07.07.2025
736
Türkmen wekiliýeti YHG-niň sammitine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Hankendi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) “Durnukly we howa üýtgemelerine garşy durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammitine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

 

Sammitde bu çäräniň ýokary derejeli platforma hökmünde çykyş edýändigi, onuň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, tagallalary utgaşdyrmaga we durnukly, inklýuziw hem-de deňagramly ösüşe gönükdirilen ylalaşylan çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

 

Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda YHG agza ýurtlarynyň 2035-nji ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlygynyň maksatlaryny we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän täze maksatnama resminamasynyň kabul edilmeginiň möhümdigini belledi.

 

Türkmenistan YHG-nyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyp, öňdebaryjy ugurlar hökmünde netijeli logistika ulgamynyň döredilmegini, energiýa üpjünçilik ugurlarynyň köpdürliligini üpjün etmegi, ýaşyl energetikanyň ösdürilmegini, söwda päsgelçilikleriniň aradan aýrylmagyny, maýa goýumlarynyň çekilmegini hem-de innowasiýalar we häzirki zaman tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini görkezdi.

 

Şeýle hem, sebitiň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen YHG ýurtlarynyň energetika syýasatlaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen ýörite mehanizmi döretmek teklip edildi. Sammitiň gatnaşyjylary bu duşuşygyň netijeleriniň agza ýurtlaryň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň has-da çuňlaşmagyna itergi berjekdigini bellediler.

 

Jemile HOJAMMAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.