logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Economics /Türkmen wekiliýeti halkara ykdysady foruma gatnaşar
  22.03.2025
938
Türkmen wekiliýeti halkara ykdysady foruma gatnaşar

Türkmen wekiliýeti 14–16-njy maý aralygynda geçiriljek “Russia Halal Expo” halkara sergisine gatnaşar. Bu sergi “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumyň çäklerinde guralýar.

 

Türkmenistan sergide milli medeniýetini, söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerini, eksport ugurly täze önümlerini tanyşdyrar. Ýurduň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryndan wekiller we hususy haryt öndürijiler hem bu çärä gatnaşarlar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara sergilere yzygiderli gatnaşmagyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşýandygyny belläp, türkmen haryt öndürijileriniň Kazandaky sergä gatnaşmagyny goldady. 

 

2009-njy ýyldan bäri geçirilýän “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” soňky 15 ýylda möhüm meseleleri maslahatlaşmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrmak üçin möhüm meýdança hökmünde tanaldy. Bu forum rus kompaniýalarynyň Yslam dünýäsiniň ýurtlary bilen işewür gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyna hem ýardam berýär.

 

Garagyz AKMYRADOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we
gigiýena kafedrasynyň uly mugallymy.