logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmen wekiliýeti “Almaty prosesiniň” üçünji ministrler maslahatyna gatnaşdy
  03.05.2025
1442
Türkmen wekiliýeti “Almaty prosesiniň” üçünji ministrler maslahatyna gatnaşdy

Aprel aýynyň üçünji ongünlüginde Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen “Almaty prosesiniň” üçünji ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berdi.

 

Maslahata “Almaty prosesine” gatnaşýan ýurtlaryň – Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan – resmi wekilleri, şeýle hem synçy hökmünde Eýran, Italiýa, Pakistan döwletleriniň hem-de Türki döwletler guramasynyň, Halkara migrasiýa guramasynyň we BMG-niň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarlygynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, migrasiýa bilen bagly meseleleriň netijeli dolandyrylmagy boýunça tejribeleri paýlaşmak we maglumat alyşmak ýaly mowzuklary giňden ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Forumda çykyş edenler migrasiýa we bosgunlary goramak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtap, bu ugurda milli we sebitleýin derejesinde okuwlar hem-de maglumat alyş-çalşyklarynyň kämilleşdirilmelidigini bellediler.

 

Maslahatyň jeminde Azerbaýjan Respublikasynyň ýolbaşçylyk eden iki ýylynyň netijelerine bagyşlanan “Baku Jarnamasy” kabul edildi.