logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligi artýar
  27.03.2026
365
Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligi artýar

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen strategiýanyň çäklerinde tebigy gaz çykarylyşyny ep-esli ýokarlandyrmaga gönükdirilen Karara gol goýdy. Bu resminama «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek işlerini düzgünleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Karara laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni Hytaýyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy bilen degişli şertnamany baglaşar. Taslama ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gaz öndürmäge ukyply desganyň, şeýle hem şol möçberde gaz çykarmak üçin zerur bolan ulanyş guýularynyň taslamasyny taýýarlamagy we olaryň gurluşygyny öz içine alýar.

 

Bu başlangyç ýurduň energiýa mümkinçiliklerini berkitmekde we gaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

 

Zibagözel HALLYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.