logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /Türkmen oba hojalyk institutynda "Türkmen Alabaýyna" bagyşlanan çäre geçirildi
  25.10.2023
495
Türkmen oba hojalyk institutynda "Türkmen Alabaýyna" bagyşlanan çäre geçirildi

Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynyň medeniýet merkezinde "Türkmen Alabyna" bagyşlanan medeni köpçülik çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda türkmen Alabaýynyň gelip çykyş taryhy, onuň adamzat durmuşyndaky tutýan orny barada birnäçe täsirli gürriňler edildi. Bu gadymdan gelýän arassa tohum iti gadym ata-babalarymyzyň ýan-ýoldaşy goragçysy bolupdyr. Biziň ýokary okuw mekdebimizde hem itçilik ulgamyna uly üns berilýär.

 

 

Bu ugurda weterinar lukmançylygy fakulteti hereket edýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň müdimilik buýsanjyny doly derejede dünýä ýaýmak, olaryň iň gymmatly taraplaryny açyp görkezmek baradaky aladalary «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserinde öz beýanyny tapýar. Ylmy esasda doly öwrenilmäge mynasyp bolan türkmen alabaýynyň taryhy, gelip çykyşy hem-de häzirki wagtda olaryň durmuşdaky orny baradaky wakalary, ajaýyp söhbetleri, hekaýalary özünde jemleýän bu gymmatly eseriň maňzynda uly ruhy güýç bar. Köpasyrlyk taryhy döwrüň dowamynda halkymyzyň ruhy gymmatlygyna öwrülen alabaýlar hakynda eser döretmek milli mirasymyzy has-da içgin öwrenmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

 


Biziň medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda ençeme işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!

 

 

Bahar SYLAPOWA,


Türkmen oba hojalyk institutynyň


Maglumat howpsuzlygyň menejmenti hünäriniň

 

2-nji ýyl talyby.