logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Türkmen oba hojalyk institutynda hoşallyk maslahaty geçirildi
  02.11.2023
689
Türkmen oba hojalyk institutynda hoşallyk maslahaty geçirildi

Daşoguz welaýatyndaky Türkmen oba hojalyk institutynda Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna iş sapary mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda ilkinji bolup Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň müdiri Ýedibaý Baýramdurdyýew çykyş etdi.Ol öz çykyşynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky daşary söwda aragatnaşyk ulgamy barada maslahata gatnaşyjylara birnäçe maglumatlary ýetirdi.Halypa mugallymyň nygtaýşy ýaly şu ýylyň hasabynda iki dostlukly ýurduň arasynda 3 milliard amerikan dollaryna barabar söwda-ykdysady aragatnyşgy amala aşyryldy.Emma häzirki wagta çenli Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda jemi 50 milliard amerikan dollaryna barabar möçberde söwda edilendigi barada aýtdy.

 


Maslahatyň dowamynda ikinji bolup, Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Artykowa çykyş edip, Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasyndaky iş saparynda howanyň üýtgemegi, suw üpjünçiligi baradaky meseleleriň gozgalandygy barada aýtdy.Şeýle hem ýurdumyzda täze guruljak elektrik stansiýasynyň Türk firmalarynyň gatnaşmagynda amala aşyryljakdygy barada belläp geçdi.

 


Güljahan TÄÇMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.