logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Politics /Türkmen oba hojalyk institutynda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
  18.10.2023
913
Türkmen oba hojalyk institutynda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

    Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 15-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynyň medeniýet merkezinde ýokary guramaçylyk bilen geçirildi. Bu geçirilen çärede institutymyzyň mugallymlary Serdar Sopyýew, Aýjeren Tagandyrdyýewa ýaly halypa mugallymlarymyz öz ýürek buýsançlary bilen çykyş etdiler. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleri baradaky ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, daşary ýurtly okyjylara hem hödürlenildi.Gahryman Arkadagymyzyň bu täze kitabynda dermanlyk ösümlikleriň birnäçe görnüşleri şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, halk lukmançylygynda ulanylyşy giňişleýin bellenilip geçilendir.


     Gahryman Arkadagymyzyň her bir kitaby biri-birinden manyly bolup, biz ýaşlara durmuşda ýüze çykýan kynçylykly ýagdaýlarda baş alyp çykmakda ýol ýörelge bolup durýar. Kitap şol sanda Milli Liderimizden biz ýaşlara,ähli türkmen halkyna,bütin adamzada ýadygärlik bolup durýar.

 

Marguş GURDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň

3-nji ýyl talyby.