logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Türkmen oba hojalyk institutynda Bitaraplyk baýramy mynasybetli çäre geçirildi
  04.12.2023
727
Türkmen oba hojalyk institutynda Bitaraplyk baýramy mynasybetli çäre geçirildi

Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynyň medenýet merkezinde "Bitaraplyk- türkmeniň gadymdan gelýän däpleriň dowamy, erkinligi,asudalygy arzuwlan pederleriň ýörelgesi" atly çäre ýokary guramaçylyk bilen geçirildi. Çäräniň dowamynda Bagtyýarlyk döredijilik tans toparynyň ýerine ýetirmeginde doganlyk halklarymyzyň şol sanda Latyn Amerika, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Italiýa ýaly döwletleriň milli tanslaryny ýerine ýetirdiler. Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär. Hemişelik Baky Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we

 

 

Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Halkara Bitaraplyk güni bütin dünýäde dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Goý, başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni bolan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dowamat dowam bolsun! Bütin dünýä ýüzinde türkmeniň mertebesiniň has-da belende göterilmegi ugrunda tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary, döwletli işleri hemişe üstünliklere beslensin!

 


Erkin Annageldiýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.