logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Sport /Türkmen dzýudoçylary dünýä çempionatynda
  06.10.2023
964
Türkmen dzýudoçylary dünýä çempionatynda

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda sport pudagynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen türgenleri dünýä derejesinde geçirilýän halkara ýaryşlara gatnaşyp ýurdumyzyň tuguny belende galdyrýarlar. Sport pudagy döwlet syýasatynyň esasy üns berilýän pudagy bolup, bu pudakda amala aşyrylýan işler, gazanylýan üstünlikler  Watanymyzyň abraýyna has-da abraý goşýar.

 

 

Sportuň ähli görnüşleri bilen bir hatarda dzýudo görnüşi aýratyn bellärliklidir. Türkmen dzýudoçylary 4-7-nji oktýabr aralygynda geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýar. Bu çempionat Portugaliýanyň Odilewaş şäherinde geçirilýär.

 

 

Erkekleriň we aýallaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda 14 medal üçin göreş alyp barýarlar. Bu dünýä çempionatyna 70 ýurtdan 550-den gowrak türgen gatnaşýar.

 

Saparmyrat SADYKOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
weterinar lukmançylyk fakultetiniň
I ýyl talyby.