logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär
  03.04.2025
1382
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2025-nji ýy­lyň 15-16-njy ap­re­lin­de sagat 15:00-da orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw mer­kez­leriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin

«AÇYK GAPYLAR»
gününi geçirýär

Şol günlerde ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

 

Institut baradaky maglumatlar tsiem.edu.tm web saýtynda hem ýerleşdirilen.

 

Salgysy: Aşgabat şäheriniň 1972-nji (Atatürk) köçesiniň 73-nji jaýy.

Telefon belgileri: 48-62-31, 48-62-33, 48-62-29.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi