Ahal province
logo

Latest news:
✦ «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Zenanlar - durmuşyň gözelligi ✦ ✦ 8-nji mart — Halkara zenanlar güni! ✦ ✦ «Diplomatik protokol» okuwynyň jemleri jemlendi ✦ ✦ IFT 2026 maýa goýum forumyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanaty ✦ ✦ Aýdym-saz — ynsan kalbynyň syrdaşy ✦ ✦ Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi ✦ ✦ Kitap — ruhy baýlygyň hazynasy ✦ ✦ Türkmen tebigaty - gözelliginiň nusgasy ✦
Home / Politics /Türkmen diplomatlary Arkadag şäheri bilen tanyşdylar
  03.01.2023
936
Türkmen diplomatlary Arkadag şäheri bilen tanyşdylar

Mälim bolşy ýaly, Gökdepe etrabynyň çäginde umumy meýdany 1002 gektar bolan ýerde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyklary tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ildeşlerimiziň arzuw-islegleri esasynda «Arkadag» diýlip at berlen şäheriň birinji tapgyrynda ýaşaýyş-durmuş, medeni, sport maksatly binalardyr desgalaryň jemi 336-sy ulanmaga berler. Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolmagy täze welaýat merkeziniň esasy aýratynlygydyr. Bu ýerde tebigy gözelligi saklap galmak maksady bilen, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanylýar. Sanly tehnologiýalar, intellektual ulgamlar ornaşdyrylyp, «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçiriler. Şäherde ekologik taýdan arassa ulaglaryň — elektrobuslardyr elektromobilleriň hereketi ýola goýlar. Şunuň bilen baglylykda, tanyşlygyň barşynda ýurdumyzyň ilçilerine Arkadag şäherinde bina edilýän desgalaryň aýratynlyklary barada jikme-jik gürrüň berildi. Hususan-da, türkmen diplomatlary meşhur Akhan monumentiniň, döwlet sirkiniň, muzeýiň, sport meýdançalarynyň, kottejleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň gurluşyklaryny ýakyndan synladylar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň 3-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň täze merkezinde geçiren iş maslahatynda biziň öňümizde bu taryhy ähmiýetli wajyp taslamany açyp ulanmaga bermek işini guramaçylykly geçirmek boýunça möhüm wezipeleriň durýandygyny aýdyp, şäheriň gurluşygynyň taryhda altyn harplar bilen yz galdyryşy ýaly, onuň açylyş dabarasynyň hem adamlaryň ömürlik ýadynda galmalydygyny, türkmen halkynyň toý tutmagy başarýan halkdygyny bütin dünýä subut etmelidigini aýratyn nygtady. Şoňa görä-de, hormatly Arkadagymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalary tarapyndan degişli wagyz işlerine badalga berildi. Häzirki günlerde Aşgabatda bolýan doly ygtyýarly wekillerimiziň täze şähere aýlanyp görmekleri bolsa olara bu taslamanyň giň gerimine hem-de mümkinçiliklerine doly göz ýetirmäge, desgalaryň aýratynlyklary bilen ýerinde tanyşmaga amatly pursat boldy. Olar bu ýerde döredilen döwrebap şertlerdir mümkinçilikleri synlap, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalaryndan kemala gelýän welaýat merkeziniň, hakykatdan-da, sebitde deňsiz-taýsyz, nusgalyk şähere öwrülýändigini guwanç bilen bellediler. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.