logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / In the world /Türkmen bedewleriniň şöhraty dünýäni haýran galdyrýar
  25.01.2026
406
Türkmen bedewleriniň şöhraty dünýäni haýran galdyrýar

Türkmenistanyň sirk sungatynyň buýsanjy bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dünýä arenasynda özüniň belent abraýyny ýene-de bir gezek dabaralandyrdy. Şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly türkmen ýigitleriniň we bedewleriniň şöhratly ýolunyň nobatdaky duralgasyna öwrüldi.


Bu abraýly festiwalyň çäklerinde Bütindünýä sirk Federasiýasy hem-de Ýewropa sirk Assosiasiýasy tarapyndan «Galkynyş» toparyna sirk sungatyny ösdürmäge goşan saldamly goşandy üçin halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy, türkmen sirkiniň dünýä derejesindäki ornunyň kepili boldy. Bu şahadatnamalar diňe bir sungat ýeňşi däl, eýsem türkmen halkynyň ahalteke bedewlerine bolan egsilmez söýgüsiniň halkara derejesindäki ykrarnamasydyr.


2007-nji ýylda düýbi tutulan bu topar, geçen ýyllaryň dowamynda sirk dünýäsiniň iň belent we elýetmez hasaplanýan baýraklaryny yzly-yzyna eýeledi. Toparyň taryhyndaky şanly sahypalar sanardan örän köpdür:

  • 2013-nji ýyl: Moskwada geçen «IDOL» bütindünýä festiwalynda uly seslenme döretdi.

  • 2014-nji ýyl: Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda baş baýraga mynasyp boldy.

  • 2015-nji ýyl: Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen sirk sungatynyň II halkara festiwalynda türkmen tuguny belende galdyrdy.

  • 2016-njy ýyl: Gyrgyz Respublikasynda geçen II Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynda şowly çykyşlary bilen haýran galdyrdy.

  • 2018-nji ýyl: Sankt-Peterburgda geçirilen «Fontankadaky» sirk sungatynyň I halkara festiwalynda iň ýokary baýrak bolan «Altyn Gaetano» heýkeljigini eýeledi.


Mälim bolşy ýaly, Monte-Karlo sirk dünýäsiniň iň abraýly merkezi hasaplanýar. «Galkynyş» toparynyň geçen ýyl bu ýerde gazanan "Altyn" baýragyndan soň, şu ýylky gazanylan halkara şahadatnamalary toparyň ýeňişler sanawynyň üstüni ýetirdi.

Sahymyrat GELDIÝEW,
Türkmenistanyň senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň talyby.