logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Türkmen bedewleri - halkyň buýsanjy
  14.11.2023
871
Türkmen bedewleri - halkyň buýsanjy

Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda uly orun tapypdyr. Türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp- başarnyklarynda deňi-taýy bolmandyr. Türkmen ýigidi bedewine atlanyp, jeňe gideninde, onuň bedewi gerçegiň göwnüne laýyk hereket etmegi başarypdyr. Ýaraga gümra eýesine kynçylyk döretmezlik üçin onuň aty-da haýsy ugra ýykgyn etmeli bolsa göwresini şol ýana ugrukdyrypdyr. Eýesiniň her bir hereketlerine, duýgularyna werziş bolan bedew at onuň sesinden, hereketinden, ýürek urşundan ýagdaýy duýupdyr.

 

 

Häzirki döwürde atşynaslygy ösdürmegiň iň nusgalyk mekdebi eziz Watanymyzda kemala geldi, türkmen bedewlerine goýulýan hormat-sarpa has-da belende göterildi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Aşgabatda we welaýat merkezlerinde atçylyk sport toplumlarynyň bina edilmegi, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her ýylda halypa çapyksuwarlar bilen birlikde, ýetiginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmaklarynda hem at çapyşyklarynyň yzygiderli guralmagy, ýurdumyzda bedew ata goýulýan hormat- sarpanyň ýokarydygyna güwa geçýär. Halkymyz bedew aty bagtyň, rowaçlygyň nyşany hökmünde özüniň milli gymmatlygy, baýlygy saýypdyr. 

 

 

Türk­men hal­ky­nyň be­dew at­la­ry­na bo­lan söý­gü­si örän ulu­dyr. Bu söý­gi göz­ba­şy­ny ga­dym­dan alyp gaýd­ýar. Berka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň be­de­we goý­ýan sar­pa­syn­da bü­tin türk­men hal­ky­nyň asyr­lar­bo­ýy ke­ma­la ge­len ýo­ka­ry me­de­ni­ýe­ti­ni gör­mek bol­ýar. Her ýy­lyň ap­rel aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň bel­le­nil­me­gi-de hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­na goý­ýan hor­mat-sy­la­gy­nyň bi­möç­ber­di­gi­ne gü­wä geç­ýär.

 

 

Güljana GARÝAGDYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.