Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Syýasat /TÜRKMEN-AZERBEÝJAN HYZMATDAŞLYGY ÖSÝÄR
  09.03.2023
852
TÜRKMEN-AZERBEÝJAN HYZMATDAŞLYGY ÖSÝÄR

Häzirki wagtda Türkmenistan 151 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarynda, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda ähli  ýurtlar bilen kuwwatly ösüşe eýe bolandygyny bellemek zerurdyr. Esasanda,  türkmen döwletiniň diplomatik gatnaşyklarynyň ösüşi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň taryhyndan öňden bäri dostlukly, hoşniýetli, goňşuçylyk gatnaşyklaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Munuň özi halklaryň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy-medeni we ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir. Häzirki döwürde bolsa bu gatnaşyklar hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Esasanda, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özeni ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş derejesine ýokary baha berýär we oňa uzak möhletli geljek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy hökmünde garaýar. Aýdylanlardan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen özara hyzmatdaşlygy babatda öňden gelýän we üstünlikli dowam edilýän, döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolan, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasyda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy babatda bellemek zerurdyr.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Gatnaşyklaryň geçen taryhy döwrüniň içinde ýurtlarymyzyň arasynda döwletara gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlykda oňyn tejribe gazanyldy. Geçen ýyllarda iki döwletiň ýolbaşçylarynyň birek-birege amala aşyran resmi we döwlet saparlary bolsa bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berdi. Iki doganlyk halkyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ýakyn arabaglanyşygy bu gün hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň netijeli gatnaşyklarynyň ähmiýetli şerti hökmünde ýüze çykýar.

Türkmen diplomatiýasynyň häzirkizaman ösüşi  ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň köpugurly kuwwatyny has doly derejede durmuşa geçirmäge, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we doganlyk däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilendir.  

 

Guwanç PIRKULYÝEW, 

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.