logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde
  12.07.2026
419
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde

Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatynyň senatory Stiw Deýnsi kabul etdi.

 

Duşuşygyň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bilim, ylym we medeniýet pudagyndaky hyzmatdaşlyk aýratyn bellenildi. Nygtalyşy ýaly, bu ugurda köp ýyllaryň dowamynda bilelikdäki maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylyp, şeýle işler häzirki wagtda-da giň gerimde dowam etdirilýär. Hususan-da, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak üçin ilçiniň gaznasy» maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda ylmy-medeni çäreler yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar.

 

Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň halkara bilim maksatnamalarynyň çäklerinde ABŞ-da bilim alýandyklaryny, soňky ýyllarda bolsa iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem işjeň häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

 

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň mundan beýläk-de iki halkyň ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

 

Yhlas ALYMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.