logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Türkiýede Prezident saýlawlary geçiriler!
  23.01.2023
914
Türkiýede Prezident saýlawlary geçiriler!

Şu ýylyň 14-nji maýynda Türkiýe Respublikasynda prezident we parlament saýlawlary geçiriler. Bu barada ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurduň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Bursa welaýatynyň ýaşlary bilen geçiren duşuşygynda mälim etdi.

Ärdogan 10-njy martdaky saýlawlary 14-nji maýa geçirmek baradaky karara gol çekjekdigini we 10-njy marta çenli berlen resmi ygtyýarlyklardan peýdalanyljakdygyny, şondan soň saýlawlary geçirmek üçin kanun tarapyndan göz öňünde tutulan 60 günlük möhlete başlanyljakdygyny belläp geçdi.

Türkiýe Respublikasynda prezident we parlament saýlawlary ilkibaşda 18-nji iýunda geçirmek meýilleşdirilipdi. Ýöne möwsümleýin şertlere görä, saýlawlaryň wagty has irki möhletlere süýşürildi.