logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Türki döwletleri guramasynyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 11-nji mejlisi geçirildi
  11.09.2025
449
Türki döwletleri guramasynyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 11-nji mejlisi geçirildi

6–8-nji sentýabr aralygynda Gazagystanyň Türkistan şäherinde Türki döwletleri guramasyna agza ýurtlaryň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 11-nji mejlisi bolup geçdi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti – Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda gatnaşdy.


Mejlisiň gün tertibi gümrük ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky özara düşünişmegi giňeltmek hem-de dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak meselelerine gönükdirildi. Mundan başga-da, çäre çäginde resmi duşuşyklar bilen birlikde medeni-işewür maksatnama hem guraldy.


8-nji sentýabrda geçirilen esasy mejlisde söwdany ýeňilleşdirmek, serhet howpsuzlygyny üpjün etmek we gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýlelikde, mejlisde gümrük edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Çeşme: customs.gov.tm