logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Tötänlik bilen 3 ýurduň internetini öçüren garry ene
  05.10.2022
1747
Tötänlik bilen 3 ýurduň internetini öçüren garry ene

Öýüňizde ýa-da iş ýeriňizde telefonyňyzyň ýa-da kompýuteriňiziň interneti birdenkä kesildi. Munuň sebäbini bilmek üçin birnäçe gezek internet paýlaýjy enjamy öçürip ýakdyňyz, emma bolmady. Internet gelenok. Pikir edip görüň! Diňe bir siziň internetiňiz däl, eýsem tutuş ýurduň içinde internet kesilipdir. Näme ederdiňiz? 

- Ine şeýle ýagdaýa meňzeş bir waka 2011-nji ýylda bolup geçdi. Internet diňe bir ýurtda däl, eýsem-de üç ýurtda kesildi. Muny eden bolsa, «Hayastan Shakarian» atly 75 ýaşly garry ene. Bu gülkünç we mümkin däl ýaly bolup biler. Emma bu hakykat.

Hayastan Shakarian, şol döwürler ýeriň aşagyndan geçip ulanyşdan galan mis kabelleri kesip satýardy we öz gününi dolandyrýardy. Garry ene 2011-nji ýylda mis kabeldir öýdüp tutuş Ermenistany internet bilen üpjün edýän optiki inçe süýümli internet kabelini kesdi. Bu ýagdaý, ýurtdaky esasy internet üpjün edijileriniň hataryna girýän «ArmenTel», «FiberNet Communication» we «GNC-Alfa» ýaly kompaniýalara hem ýaramaz täsirini ýetirdi. Tötänlik bilen kesilen internet kabeli Ermenistandan başga-da, Gürjüstanyň we Azerbaýjanyň köp böleginde internete baglanmakda kynçylyk döretdi. Bu ýagdaý 12 sagatdan gowrak dowam etdi.

Bu wakadan soň garry ene eden işi sebäpli kazyýet öňüne çykmaly boldy. Kazyýete beren beýanatynda garry ene internetiň nämeligini hem bilmeýändigini aýdyp gözýaşlaryny saklap bilmedi. Kazyýet 75 ýaşly Hayastan Shakarian-y günäsiz hasaplap ýaşy sebäpli ujypsyzja jerime tölemeli boljakdygy baradaky hökümi çykardy. 

 

Gurban BEGALYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.